Skip Navigation

National Geographic Society Este programa se distribuye en los Estados Unidos y Canadá por National Geographic y EHD. [obtenga más información]

DVD ilustrado plurilingüe

La biología del desarrollo prenatal




GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY

.Türkmençe [Turkmen]


 

Descargar versión en formato PDF  ¿Qué es PDF?
 

El embrión de 8 semanas

Capítulo 30   8 semanas: desarrollo del cerebro

8 hepdäniň içinde beýni ýokary derejede ösüp, düwünçejigiň tutuş agramynyň ýarysyna barabar bolýar.

Ösüş täsin tizlik bilen dowam edýär.

Capítulo 31   Cualidad de diestro y zurdo

8 hepdäniň dowamynda, düwünçejikleriň 75% sag elleriniň esasy el boljakdygyny aňladýar. Galany bolsa çepbekeýler bilen sag we çep ellerini birmeňzeş ulanýanlaryň arasynda deň bölünýär. Bu sag ýa-da çep goluň herekleriniň ýüze çykmagynyň ilkinji alamatlarydyr.

Capítulo 32   Voltearse

Çaga lukmançylyk kitaplarynda çaganyň "togalanmak ukyby" doglanyndan soň 10 - 20 hepde aralygynda döreýär diýip düşündirilýär. Emma,amniotic suwuklykda pes grawitasiýa şertlerinde bu täsin sazlaşyk has öň ýüze çykýar. Diňe ýatgydan bar bolan has ýokary grawitasion güýji geçmäge ýeterlik güjiň pesligi düwünçegi togalanmakdan saklaýar.

Şol wagtda düwünçejik fiziki taýdan has aktiw bolýar.

Hereketler çalt ýa-da haýal, bir ýa-da gaýtalanyp durýan, tötänleýin ýa-da refleksli bolup bilerler.

Kelle hereketleri, boýun ösmesi we elini ýüzüne eltmesi ýygylaşýar.

Düwünçejige degilmegi gözlerniň çaşy Bolmagyna, eňegini oýnatmagyna, elleri bilen bir zada ýapyşmaklygyna we aýagynyň barmaklarynyň ösmegine sebäp bolýar.

Capítulo 33   Fusión de los párpados

7-nji 8-nji hepdeleriň aralygynda ýokarky we aşaky göz gabaklary tiz depgin bilen ösýär we bölekleýin birleşýärler.

Capítulo 34   Movimiento respiratorio y micción

Ýatgyda howanyň ýoklugyna Garamazdan, 8 hepdeden soň düwünçejik seýrekleýin dem alyş heretlerini görkezýär.

Bu wagta çenli böwrekler amniotik suwuklyga akýan siýdigi bölüp çykarýar.

Erkek düwünçejikleriň ösüp gelýän ýumurtgalary testosteron garmonyny öndürip we bölüp başlaýar.

Capítulo 35   8 a 9 meses (32 a 36 semanas): formación de alvéolos, agarre firme, preferencias de sabor

Süňkler, bogunlar, muskullar, nerw we ýokarky we aşaky gan damarlary ýuwaş- ýuwaşdan uly adamlaryňky ýaly görnişe eýe bolýar.

8 hepdede epidermis, ýa-da deriniň üstki deri köp gatlakly membrane görnüşine gelip öz durulygynyň ep-eslisini ýitirýär.

Agzyň daşynda tüýler emele gelip başlýar,gaşlar hem ösýär.

Capítulo 36   Resumen de las primeras 8 semanas

8 hepdeden soň düwünçejiklik döwri gutarýar.

Şol wagt adamyň düwünçejigi bir öýjükden takmynan bir millýard öýjüge çenli ösýär we 4000 den gowrak dürli anatomic gurluşy emele getirýär.

Şeýlelikde, düwünçejik uly adamlaryň strukturasynyň 90 göterimine eýe bolýar.