| |
El período embrionario (Las primeras 8 semanas)
Desarrollo embrionario: Las primeras 4 semanas
Capítulo 3 Fecundación
|
| |
| Biologiki dilde aýdylanda
"ynsan ösüşi tohumlandyrylmadan
soň başlanýar",
ýagny haçanda aýal bilen erkek
her haýsy öz 23 hromosomyny
özleriniň tohum öndüriji öýjükleriniň
birleşmesi arkaly birikdirýärler.
Aýalyň tohum öndürýän
öýjügine adatça "ýumurtga" diýlip atlandyrylýar,
ýöne dogry termini owosit diýmeklikdir.
Şeýle hem, erkek adamyň
tohum öndürýän öýjügi
giňden belli bolşy ýaly "döl ýa-da sperma" diýilýär,
ýöne ulanylýan termin bolsa spermatozoýitdir.
Aýalyň ýumurtgasyndan
owositiň çykmagyna
owulýasiýa prosesi diýilýär,
owosit bilen spermatozoit
ýatgy turbajyklarynyň içinde birleşýärler,
olara adatça Follapiýa turbalary diýilýär.
Ýatgy turbalary
aýalyň ýumurtgalaryny
onuň ýatgysyna ýa-da göwresine birleşdirýär.
Ýeke - öýjükli düwünçejige
zigota diýilýär,
ol "goşalandyrylan ýa-da bilelikde
birleşdirilen manyny berýär.
|
Capítulo 4 ADN, división celular y factor temprano de embarazo
|
| |
| Zigotanyň 46 hromosomy
täze şahsyýetiň genetik gelip çykyşynyň
birinji görnüşini
görkezýär.
Bu esasy plan
DNK atly berk towlanan molekulalar
toplumynda ýerleşýär.
Olar bütin göwräniň ösmegi
üçin görkezmeleri
öz içine alýar.
DNK molekulalary bu
öwrümli merdiwan ýaly
goşa spirallar hökmünde bellidir.
Merdiwanyň basgançaklary jübüt molekulalardan,
ýa-da hinin,
sitosin, adenin hem-de timin atly
molekulalardan düzülendir.
|
| Hinin diňe sitosin bilen,
adenin bolsa, timin bilen jübütleşýär.
Her bir adam öýjükleri
şol jübütleriň
takmyndan 3 milliardyny öz içine alýar.
Bir öýjügiň DNK-synda juda
köp maglumat bardyr,
eger-de ol çap
edilen görnüşde
berilse, onda her
sözüň birinji
harpy 1,5 millýon sahypa
tekste barabar bolardy!
Eger-de adam öýjüginiň ýekeje
DNK-sy ölçelende ol
3 1/3 futa
ýa-da 1 metre deň bolar.
|
| Eger-de uly adamyň 100
trillýon öýjüginiň
DNK-ny çöşleseň,
onda onuň
uzynlygy 63 milliard
mile barabar bolar.
Bu aralyk ýerden güne
Çenli aralygy
340 gezek geçer.
|
| Tohumlandyrylmadan soň
Takmyndan 24 -30 sagat geçenden soňra
zigota özüniň birinji öýjük
bölünişini tamamlaýar.
Mitosis prosesinde
bir öýjük ikä, iki öýjük dörde
we ş. m. bölünýär.
|
| Tohumlandyrylma başlanandan soňra
24-48 sagadyň dowamynda
göwrelilik enäniň ganyndaky
"ir göwrelilik faktory"
diýilýän gormonyň tapylmagy
bilen tassyklap bolýar.
|
Capítulo 5 Etapas iniciales (mórula y blastocito) y células madre
|
| |
| Tohumlandyrylmadan soň
3-4 günde
embirýonlaryň bölünýän öýjükleri şara
meňzeş görnüşi emele getirýär
we bu embirýona
morula diýilýär.
4-5 gün diýilende, öýjügiň şarynyň
içinde janlandyrma emele gelýär
we bu embirýona
blastosist diýilýär.
Blastosityň içindäki
öýjüklere içki öýjük
massasy diýilýär
we ol adamyň ösüşinde zerur bolan kelle,
göwre we başga
organlary ösdürýär.
Içki öýjük massasyndaky
öýjüklere
öýjükleriň embirýonik düýbi diýilýär,
sebäbi olar
adamyň göwresindäki
200-den gowrak görnüşdäki
öýjüklere öwrülip bilýärler.
|
Capítulo 6 1 a 1½ semanas: implantación y gonadotropina coriónica humana (GCH)
|
| Irki embirýonlar
ýatgy turbasyndan
hereket edende,
özleri ene ýatgysynyň
içki diwaryny emele
getirýärler.
Bu prosese implantasiýa diýilýär,
ol tohumlandyrylmadan soň
6-njy günden başlap
10-12 günden soň tamamlanýar.
Ösýän düwünçejigiň öýjükleri
Adamyň herionik gonadotropin
ýa-da AHG atly gormonyny
emele getirip başlaýar,
ol göwrelilik barlaglarynyň
köpüsinde tapylýär.
AHG enelik gormonynyň
adaty aýbaşy hereketini
saklap, göwreliligiň
dowam etmegine ýol açýar.
|
Capítulo 7 La placenta y el cordón umbilical
|
| Implantasiýanyň yzysüresinde
blastosistyň periferiýasyndaky
öýjükler ene bilen
embriony özara
baglanyşdyrýan aýlanyş
sistemasyny düzýäne plasenta diýilýän
gurluşyň bölekleriniň
ösüşini kämilleşdirýär.
Plasenta adamyň
ösüşine enelik kislorodyny,
azyk iýmitlerini, gormonlary
we dermanlary berýär;
ähli hapa zatlary aýyrýar;
hem-de ene ganyny embriýonyň we
düwünçegiň
ganynyň gatyşmasyndan saklaýar.
Şonuň ýaly-da, plasenta
gormonlary emele getirýär,
hem-de embrionyň we düwünçegiň
ten temperaturasyny
enäniň temperaturasyndan bir
az ýokary temperaturada saklaýar.
Plasenta ösýän
çaga bilen
göbek rodasy arkaly
arabaglanyşyk saklaýar.
Plasentanyň ýaşaýyş ukyplaryny
saklamak üçin häzirki
zaman hassahanalarynda ulanylýan
döwrebap usullar bilen bäsleşip biler.
|
Capítulo 8 Nutrición y protección
|
| |
| Bir hepdäniň içinde,
öýjükleriň içki öýjük
ýygyndylary iki sany hipoblast
we epiblast
atly gatlaklary döredýärler.
Hipoblast
tohum haltajygy ösdürýär,
şonyň üsti
bilen
ene düwünçegini
iýmitlendirýär.
Epiblastyň öýjükleri amnion
atly membranany döredýärler,
we şonuň bilen bilelikde
tä çaga dogulýança
Düwünçegiň ösüşi dowam edýär.
|
Capítulo 9 2 a 4 semanas: capas germinales y formación de órganos
|
| |
| Takmynan iki ýarym (2 1/2)hepdeden
epiblast 3 sany
birikdiriji dokumalary
ýa-da ektoderm,
endoderm
we mezoderm
atly düwünçek gatlaklaryny döredýär.
Ektoderm
beýnini,
oňurga ýiligini,
nerwler,
deri,
dyrnak,
saç
ýaly köp organlary ösdürýär.
Endoderm dem
alyş sistemasynyň
we iýmit siňdiriji organlaryň
esasyny döredýär we
bagyr we aşgazan asty mäzler
ýaly ýaşamak üçin
wajyp bolan organlaryny ösdürýär.
Mezoderm ýüregi,
böwregi,
süňki,
kykyrdagy,
muskullary,
gan öýjüklerini
we beýleki organlary emele getirýär.
|
| 3 hepdeden soňra
kelle beýnisi
öň beýni,
orta beýni
we arka beýni diýlip
3-e bölünýär.
Şeýle hem dem alyş sistemasynyň
we iýmit siňdiriji organlaryň
ösmegi hem dowam edýär.
|
| Tohum haltajygyň içinde gan öýjükleriniň
täze döräp başlan wagty
düwünçejigiň ähli ýerinde gan damarlary
we ýüregiň trubajyklary
görnüşi döräp başlaýar.
Tiz wagtyň içinde
çalt ösýän ýürek içe ýygrylýar
we şonuň bilen birlikde
aýry - aýry kameralary
ösüp başlaýar.
Tohumlandyrylmadan
3 hepde bir gün geçenden soň
ýürek urup başlaýar.
Göwrede ilki bilen
gan aýlanyş sistemasy
ýa-da şoňa degişli organlar
işläp başlaýar.
|
Capítulo 10 3 a 4 semanas: el plegamiento del embrión
|
| |
| 3-nji 4-nji hepdeleriň arasynda
aňsatlyk bilen
ýatgynyň içinde tohum haltajygyň
ýanynda kelle beýnisini,
oňurga ýiligini
we düwünçejigiň ýüregini
görüp bolýar.
Enäniň ýatgysynda ýeriň azlygy
sebäpli çalt ösüş düwünçejigiň
ýygrylmagyna getirýär.
Bu prosess
tohum haltajygyň
bölekleri iýmit siňdiriş,
sistemasy bilen birleşip,
ýetişip gelýän
çaganyň gursagyny
we garyn boşlugyny döredýär.
|