Skip Navigation

National Geographic Society Este programa se distribuye en los Estados Unidos y Canadá por National Geographic y EHD. [obtenga más información]

DVD ilustrado plurilingüe

La biología del desarrollo prenatal


8 a 12 semanas


GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY

.Türkmençe [Turkmen]


 

Descargar versión en formato PDF  ¿Qué es PDF?
 

El período fetal (8 semanas hasta el nacimiento)

Capítulo 37   9 semanas: deglute, suspira y se despereza

Düwünçeklik döwri tä çaga dogulýança dowam edýär.

9 hepdede düwünçek uly barmagyny sorup başlaýar we amniotic suwuklugy ýuwdyp biler.

Şeýle hem düwünçek elleri bilen bir zatlar tutup, kellesini öňe-yza oýnadyp, agzyny açyp-ýapyp, dili bilen hereket edip, dem alyp we uzanyp bilýär.

Ýüzüň, el aýasynyň we aýagyň dabanyň nerw düýgylary, çalaja el degireniňde duýup bilýärler.

"Çaganyň dabanyna ýuwaşlyk bilen degireniňde çaga jogap hökmünde", ökçesi we dyzy bilen itip we ayak barmaklaryny towlap başlaýar.

Göz gabaklary doly ýapyk.

Gortanda ses damarlary döräp we kämilleşip başlamagy bilen ses çykarmak ukyby döräp başlaýar.

Aýal düwünçeginyň ýatgysynda ýetişmedik öýjükler döräp başlaýar we olara ogonia diýilýär,

Erkek we aýal jynslarynyň daşky tapawutlyklary belli bolup başlaýar.

Capítulo 38   10 semanas: pone lo ojos en blanco y bosteza, aparecen las uñas y huellas digitales

9-10 hepde aralygyndaky tiz ösüş göwräniň agramyny 75%-den gowrak ösdürýär.

10 hepdede, ýokarky gabagyň stimulýasiýasy gözüň aşaklygyna aýlanmagyna sebäp bolýar.

Düwüçek pallaýar we onuň agzy ýygy-ýygydan açylyp-ýapylýar.

Köp düwünçekler sag başam barmagyny sorýarlar.

Göwek bagynyň içege bölümleri garyn boşlugynyň içine gaýdyp gelýär

Köp süňkleriň kämilleşmägi başlaýar.

El we aýak dyrnaklary ösüp başlaýär.

Ýeketäk barmak ýzlary tohumlandyrylmadan soň 10 hepde diýlende başlaýär. Durmuşuň ähli ýagdaýlarynda tanamak üçin bu nusgalar ulanylýar.

Capítulo 39   11 semanas: absorbe glucosa y agua

11 hepdede burun we dodaklar doly görnüşe eýe bolýarlar. Beýleki her bir organlaryň bölekleri ýaly, adamyň ösüş ýolynda olaryň daş keşbi üýtgäp durar.

Içege düwünçegiň ýuwudýan glýukozasyny we suwyny sorup başlaýar.

tohumlandyrylmada jynsy belli bolsa-da, erkek ýa-da aýal hökmünde onuň daşky genleri hem tapawutlanýar.
8 a 12 semanas