Skip Navigation

National Geographic Society Este programa se distribuye en los Estados Unidos y Canadá por National Geographic y EHD. [obtenga más información]

DVD ilustrado plurilingüe

La biología del desarrollo prenatal




GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY

.Türkmençe [Turkmen]


 

Descargar versión en formato PDF  ¿Qué es PDF?
 

Capítulo 1   Introducción

Adamdaky ýeke-täk öýjükli zigotyň esasyndaky dinamiki hereket uly adamlarda öýjükleriň sanynyň 100 trillýona ýetmegi bütin tebigatyň iň ajaýyp hadysasydyr.

Häzir ylmy barlagçylaryň pikirne görä, adaty funksiýalaryň köpüsi uly adam göwresiniň ýerine ýetirmegi bilen göwrelilik döwründe tertibe gelýär - ýagny, dogulmazdan has öň tutulýar.

Dünýä inmekden öňki ösüş döwri bu taýýarlyk döwür hökmünde düşündirilýär, çünki adamyň ösüş döwri köp mümkinçilikleri, hem-de zerur bolan köp tejribeleri dünýä inmeden soň ýaşamak üçin talap edýär.

Capítulo 2   Terminología

Adamda göwrelilik döwri takmyndan 38 hepde tohumlandyrylmadan, ýa-da çaga galandan tä dogulýança dowam edýär.

Tohumlandyrylmadan soň ilkinji Sekiz hepdäniň dowamynda ynsanyň ösüşine "düwünçejik" diýilýär, ol "içki ösüş" diýmegi aňladýar. Düwünçeklik döwür diýlip atlandyrylýan bu döwür esasy beden sistemalarynyň köpüsiniň emele gelşini häsiýetlendirýär.

8 hepdäniň dolmagyndan başlap tä dogulýança çenli "ynsanyň ösüş döwrüne " göwredäki emele gelen çaga" diýilýär, ol "dogulmadyk nesil" diýmegi aňladýar. Düwünçeklik döwür diýlip atlandyrylýan bu döwür göwre ulalyp ösüp başlaýar we onuň sistemalary sazlanmaga başlaýar.

Bu programmadaky düwünçekligiň ähli ýaşaýyş döwürleri tohumlandyrylmadan soňky wagta salgylanýar.